Zenan sarpasy belentde

Ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, olaryň zähmetine, döredijiligine we asylly işlerine sarpa goýmak maksady bilen çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny belent ýeňişlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döredilýän şertleriň netijesinde, bu günki gün zenanlarymyz ylym-bilimde, medeniýetde, işewürlikde, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, aň-paýhas, döredijilik başarnyklaryny netijeli durmuşa geçirýärler.
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli sungat ojagymyzda zähmet çekýän zenan mugallymlarymyza hem-de bilim alýan talyp gelin-gyzlarymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda pul sowgatlary gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm