2025-nji ýylyň mart aýynyň 03-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň bar görki enedir, ene» atly bäsleşik sergisi açyldy. Sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallym we talyplary özüniň ajaýyp döredijilik eserleri bilen gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Baş baýraga «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Bahar Pirgulyýewa I orna, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Güljan Şöhratgeldiýewa we «Grafika» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Mahym Atakowa II orna, «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň dekany Oguljennet Mollaýewa, «Dizaýn» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Suraý Saparmyradowa hem-de «Grafika» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Merýem Annamyradowa III orna mynasyp boldular.