“Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty

2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan “Bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek” çäresini ýerine ýetirmek we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim bermek işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň IT ugurly kafedra müdirleriniň gatnaşmaklarynda “Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty hem-de tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Maslahatyň esasy maksady emeli aňyň ösüşini, etýän täsirini we ulanyşynyň etikasyny göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýaş nesillerimize bilim bermek işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de duşuşygyň çäginde akademiýanyň zehinli talyplarynyň döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm