«Gadymyýetden gözbaş alan nepislik» atly zergärleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berlip, bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda «Türkmen halkynyň suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk sungatynyň akabasynyň gözbaşlary örän gadymy döwürlerden gaýdýar» diýip belleýär. Häzirki günde türkmen milli zergärçilik sungatynyň ösmegine, onuň taryhyna degişli maglumatlaryň çuňňur öwrenilmegine giň ýol açyldy.
2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan, Türkmenistanistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Gadymyýetden gözbaş alan nepislik» atly zergärleriň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige ussat zergärler bilen bir hatarda, dürli pudaklarda zähmet çekýän zergärler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de ýörite çeperçilik mekdepleriniň talyp ýaşlary «Zenanlaryň milli şaý-sepleri», «Bedewleriň bezeg şaýlary», «Döwrebap, dürli görnüşli şaý-sepler» ugurlary boýunça döredijilik eserleri bilen işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşikde «Zenanlaryň milli şaý-sepleri» ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa 1-nji orna, mugallym Ogulgerek Myradowa 2-nji orna, talyplar Nedir Mämiýew, Agaberdi Gazandurdyýew 3-nji orna, bäsleşigiň «Döwrebap, dürli görnüşli şaý-sepler» ugry boýunça Abraý Annaýew, Amangeldi Myratgeldiýew 3-nji orna mynasyp bolup, diplomlar we baýraklar bilen sylaglandylar.
«Gadymyýetden gözbaş alan nepislik» atly zergärleriň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň çäginde ylmy-amaly maslahaty hem geçirildi. Ylmy-amaly maslahatda ýokary okuw mekdebimiziň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Döwrebap milli zenan şaý-sepleriň aýratynlyklary», «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymlary Jeren Baltaýewa «Häzirki zaman zenan şaý-sepleriniň çeper däpleri», Bahar Magtymowa «Zergär suratkeşleriň döredijiliginde behişdi bedewleriň bezeg şaýlary» atly ylmy temalary bilen çykyş etdiler. Ylmy çykyşlarda türkmen zergärçilik sungatynyň taryhy, milli aýratynlyklary we onuň çeperçilik däpleri barada beýan edildi.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri