2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşan üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory Ahatmyrat Nuwwaýew ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen, mugallymlary “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň halypa uly mugallymy, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen, Türkmenistanyň halk suratkeşi, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradow ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen, “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýew ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy Dursun-Solmaz Muhammedowa ýubileý medaly we ýadygärlik kümüş nyşany bilen, “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Sanjarbek Ismailow, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ahat Malikow, “Binagärlik” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyplary Serdar Paýzullaýew, Baýram Hojaniýazow dagylar kümüş nyşanlary bilen sylaglandylar.