2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Zakirjan Babaýew, “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Pawel Anahowskiý we “Binagärlik” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Serdar Paýzullaýew dagylara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ady berildi.