Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, türkmen halkynyň at-abraýy bütin dünýä meşhur boldy. Gysga taryhy döwrüň içinde döwletimiziň durmuş­-ykdysady, medeni, bilim we ylym pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky orny beýgeldi we ata-­babalarymyzyň arzuwlan beýik zamanasy geldi.

2021-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylynyň dowamyndaky taryhy ähmiýetini teswirleýän hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda döwlet gurluşynyň ilkinji ýyllaryndaky ýüze çykan ýiti zerurlyklary hakynda gürrüň berilip, owadan suratlar bilen bezelen. Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda ummasyz uly hem beýik işleriň amala aşyrylandygyny görkezýär.




Dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow «Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaby buýsançly taryhymyzyň waspydyr» atly çykyşynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen şekillendiriş sungaty  täze döwrüň  meýilleri  bilen sazlaşykda  ösýändigi barada beýan etdi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň  Nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmuhammet Kulyýewiň, Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary Azat Annaýewiň, Jeren Baltaýewanyň, ylym bölüminiň uly ylmy işgäri Bilbil Çaryýewanyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milli medeniýetini, sungatyny, taryhyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda iňňän ähmiýetli orun tutýandygy barada bellenildi.

Halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň täze «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň höwri köp bolsun!



Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm