Zähmet ýörelgesi – ýaşlaryň göreldesi


Taryhda ata-babalarymyz kitaba uly sarpa goýupdyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynda hem türkmen halkynyň dünýe malyndan geçip, kitaba näderejede hormat goýýandygyny, sarpalaýandygyny giň mazmun bilen düşünje berilýär. Kitap – bilimleriň açary, akyl-paýhasyň hazynasy bolmak bilen, gözel durmuşy emele getirýär, ýagty geljegiňi nurlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şunuň bilen birlikde bilim ulgamynda gazanylýan beýik özgertmeler, türkmen halkyny has-da guwandyrýar we buýsandyrýar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlarymyzyň sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli, watansöýüji, terbiýeli şahsyýetleri kemala getirmekde durmuşa geçirilýän işler
zähmet üstünliklerine tarap ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw meýilnamasyna laýyklykda okadylýan dersleriň, türkmen dilinde okuw gollanmalarynyň, okuw kitaplarynyň taýýarlanylyşy güýçli depgin bilen alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän halypa mugallymlarymyzyň türkmen dilinde okuw gollanmalaryny, okuw kitaplaryny taýýarlamak bilen bagly alyp barýan işlerinde gazanan zähmet üstünlikleri diýseň buýsandyryjy waka. Häzirki güne çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa mugallymlarymyz ýokary okuw jaýymyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda bilim berilýän dersler boýunça şekillendiriş sungatynyň taryhy bilen bagly ençeme okuw gollanmalaryny we okuw kitaplaryny ýazdylar.     

Şekillendiriş sungatynyň çeperçilik aýratynlygyny özünde jemleýän «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhy», «Gadymy dünýä sungatynyň taryhy», «Galam bilen surat çekmek», «Reňkler bilen surat çekmek», «Taslama», «Miniatýuranyň taryhy», «Çeper döredijiligiň psihologiýasy», «Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy», «Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň taryhy», «Şekillendiriş sungatynyň we binagärligiň sintezi»  ýaly birnäçe okuw gollanmalarydyr we okuw kitaplary çap edildi.

Täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kitaphanasyna tejribeli mugallymlarymyz Maýlymyrat Şaýlyýewiň «Häzirki zaman binagärlik materiallaryny öwrenmek» atly okuw kitaby, Orazgözel Utomyşewanyň «Heýkel» atly okuw gollanmasy gelip gowuşdy. Ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilen okuw kitabynyň we okuw gollanmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilim alýan türkmen ýaşlarymyz üçin uly sowgat boldy.   

Ýeri gelende bellesek, sogaply mugallymçylyk kärinde ýyllaryň geçmegi bilen toplanan tejribeligiňden, aýratynam öz bilim alan hünäriňe bolan mukaddes söýgüňden okuw kitaplarynyň ýazylmagyna hyjuw döredýär. Hünärine bolan mukaddes söýgüden kemal tapan tejribeli mugallymlarymyz Maýlymyrat Şaýlyýewiň «Häzirki zaman binagärlik materiallaryny öwrenmek» atly okuw kitaby we Orazgözel Utomyşewanyň «Heýkel» atly okuw gollanmasy, önjeýli çekilen yhlasly zähmetiň datly miwesini berdi.

Tejribeli mugallymlarymyzyň täze neşir edilen «Häzirki zaman binagärlik materiallaryny öwrenmek» atly okuw kitaby we «Heýkel» atly okuw gollanmasy ýokary okuw
mekdepleriň talyp ýaşlaryna düýpleýin bilim almakda, hünär öwrenmekde esasy çeşme bolup hyzmat eder.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryna ýokary bilim bermäge, okamaga we öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaşlaryň bagtyýar geljegine aýdyň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.





Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm