Beýik akyldara bagyşlanan döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp eserleri, makalalary, şygyrlary hem-de hekaýalary döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Türkmen dünýäsi” gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi we Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan edilen “Dünýä akyldary – türkmen danasy” hem-de “Reňbe-reň gül açar türkmen ýaýlasy” atly döredijilik bäsleşikleriniň, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan edilen “Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly döredijilik bäsleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden “Magtymguly Pyragy we milli miras” atly ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabaralary geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm