Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bagt paýy


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly taryhy senelere beslenip, halkymyzyň medeni mirasyny baýlaşdyrýar. 2021-nji «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem halkymyz uly buýsanç bilen döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny garşy alyndy. Ýurdumyzyň medeniýet we bilim ulgamynda bu şanly senä bagyşlanyp çäreler gurnaldy.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk derejämizi berkitmek ugrunda Ýurt Baştutanymyz dynuwsyz aladalar edýär. Mähriban Arkadagymyzyň watançylyk taglymatlarynda Garaşsyzlygymyza, Bitaraplygymyza eýe bolmaklygymyz bilen, biz jemgyýetçilik - syýasy durmuşymyzyň ähmiýetli ugurlaryny aýdyň kesgitländigimiz bellenýär.

Garaşsyzlyk güni halkymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramydyr. Şeýle şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda, toý sowgady hökmünde döredijilik sergileri gurnaldy. Bu ýerde, şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlaryna degişli bolan, nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatyna we sungaty öwreniş ylmyna degişlilikde, parahatçylyga, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, ýurdumyzda beslenilýän uly ösüşli toý-baýramlara bagyşlanylan birnäçe eserler halka hödürlenildi. Taryhy ýylymyzyň 26-njy sentýabrynda mähriban Diýarymyzda medeniýet we sungat, ylym we bilim, durmuş we ykdysady pudaklarynda tapawutlanan döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu Watanda bagtdan paýly, goşa serpaýly bolan, güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi mynasybetli köp sanly halypa mugallymlarymyz we zehinli talyplarymyz, hormatly atlara mynasyp boldular. Türkmen sungatynyň belende göterilmegine uly goşan goşýan ussat halypalarymyz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň uly mugallymlary, bürgüt ýaly bat alyp, ýaşyna garamazdan uly ýaş ýürek bilen zähmet çekip gelýän halypalarymyz Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew sungat ojagynda eý görýän kesbini-kärini tapyp, ajaýyp heýkel eserlerini döretmek boýunça, «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyna mynasyp boldular. Bu ýerdäki ähli eserler daşyňy gaplap, öz dünýäsine alyp gidýär. Eserlere birin-birin synlamagyň bilen ussatlaryň göz bilen gaşy alnyňda janlanýar, sözleri bolsa gulagyňda «Yhlas et» diýip, ýaňlanyp durýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň Altyn asyr» atly baýragyna keramika sungatyna döwrebap islegleri, şekillendiriş sungatynyň realistik göwrümliligi we şekilleri girizmegi öňe sürýän «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty»
kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewa we görnükli zergärleriniň hatarynda birnäçe bezeg toý şaýlary, sowgatlyk önümleri bilen tanalýan Ogulgerek Myradowa, «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Döwran Ataballyýew özüniň döwrebap, kaşaň binalarynyň çyzgysyny kompýuteriň kömegi bilen dürli usullarda ýerine ýetirenligi üçin hem-de «Dizaýn» kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Gammar Azalow dizaýn ugryna degişli bolan deslapky taslama eserleriniň we kompýuter ulgamynyň esasynda birnäçe jaýlaryň daşky we içki bezegleriniň çyzgylaryny ýerine ýetirmegi bilen, «Şekillendiriş sungaty» fakultetiniň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Maksat Bazarow we Muhammetmyrat Muhadow türkmeniň ganaty hasaplanylýan bedewe, wepaly alabaý itlerimize, asudalyga, parahatçylyga bagyşlanylan dürli temalarda birnäçe heýkel eserlerini döretmekleri esasynda mynasyp boldular. Garaşsyzlygymyzyň bagtyna guwanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza medeniýet we sungat işgärleri, ýaş, gujurly nesil tüýs ýürekden alkyş aýdýar.      

Bagtyýar halkymyzy, hormatly Prezidentimizi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň mukaddes Graşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

BAHAR Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm