2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri” atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi. Bu maslahat milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanyldy. Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň kämil nusgalaryny öz içine alýan türkmeniň nepis el işleriniň we senetkärleriň taýýarlan önümleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan el işleriniň külalçylyk, zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy.