Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda akyldar şahyrymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasyny, döwlet berkararlygyny, il agzybirligini joşgunly aýdym-sazlarymyz bilen wasp etmek has-da buýsançlydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şatlyk-şowhunly geçirilýän Türkmenistanyň  Prezidentiniň “Türkmenistanyň Altyn asyry” baýragyny almak  ugrundaky  bäsleşigiň çäklerinde aýdym-saz bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda  geçirilen  “Ýaňlan, Diýarym!”  telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň   “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Heýkeltaraşlyk”  kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Serdar Jumaýew  işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň  Prezidentiniň “Türkmenistanyň Altyn asyry”  baýragynyň eýesi boldy. Ýaş talyp bu bäsleşige gatnaşmak bilen, özüniň zehin aýratynlygyny  aýdym-saz sungatynda görkezmegi başardy. Onuň aýdym-saza bolan söýgüsi we yhlasy öňde goýan maksadyna ýetirdi.