Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş-ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaş nesil hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy belende göterilýär. Şeýle dabaralaryň biri sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem geçirildi. Dabara Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. 2024–2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen mähirli gutlagy diňlenildi. Şeýle-de halypalaryň talyp ýaşlarymyza ýüzlenilen gutlag çykyşlary ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyna tagzym edip, talyp ýaşlar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar. Okuw sapagyndaky çykyşlarda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýarlyk zamanamyzyň gazanylan üstünlikleri we söz ussadynyň şygryýet dünýäsiniň umumadamzat üçin gymmatly hazynadygy barada bellenildi.