Döwlet muzeýine syýahat

Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek we muzeýleriň halkymyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyplary muzeý okuw tejribeliginde bolýarlar. Talyp ýaşlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde okuw tejribeligini geçdiler we muzeýiň bölümleri bilen içgin tanyşdylar. Muzeýde ýerleşdirilen her bir eksponatlary muzeý hünärmenleri tarapyndan ýaşlara taryhy gymmatlygy dogrusynda okuw sapaklary gurnaldy. Sungaty öwreniş hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar muzeýiň «Gadymy we orta asyrlar», «Garaşsyzlyk», «Janly tebigat», «Etnografiýa» bölümlerinde medeni mirasymyz ýakyndan ylmy esasda maglumatlar bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Milli muzeýi 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda açylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm