Sungaty öwrenijiler okuw tejribeliginde
Türkmen halysynyň milli muzeýi häzirki wagtda milli medeniýetimiziň ruhy hazynasynyň esasy merkezi hasaplanýar. Muzeýe dünýäniň çar künjeginden ajaýyp halylarymyzy synlamaga jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyplary haly muzeýinde okuw tejribeliginde bolup, özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini özleşdirmäge mümkinçilik aldylar. Türkmen halkynyň milli ruhy siňen nepis halylarynyň jemlenen ýeri bolan muzeýde dürli ýyllarda döredilen halylaryň ýagny iki ýüzli halylaryň, bu sungatyň taryhynda dokalan iň uly halylaryň üçüsi bilen talyp ýaşlar ýakyndan tanyşdylar. Olar 1941-1942-nji ýyllarda dokalan «Türkmeniň kalby», 2002-nji ýylda dokalan «Türkmeniň Altyn asyry», şeýle-de 2009-njy ýylda döredilen «Galkynyş» atly halylar ýaşlaryň kalbynda milli medeniýetimize bolan buýsanç duýgusyny artdyrdy. Ýaş sungaty öwrenijiler haly muzeýiniň ähli bölümlerinde sergilenen gadymy we häzirki zaman halylarymyzyň çeperçilik aýratynlygy bilen ýakyndan tanyşdylar we bir haly eserine ylmy esasda syn seljerme geçirdiler.
Türkmen halysynyň milli muzeýi 1994-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilýär we täze binasy 2009-njy ýylda dabaraly ýagdaýda açylýar.