“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşigi
2024-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki yglan edilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlaryň gowşurylyşy boldy.Bäsleşik çeperçilik sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, külalçylyk, zergärçilik we halyçylyk ugurlary boýunça geçirilip, ýaş zehinleriň sungat eserlerinde nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň nurana keşbi we akyldaryň paýhas dünýäsi özboluşly açylyp görkezildi.