“Şygryýetiň göwher gaşy” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ösdürmekde, Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gurlan binalary, desgalary, ýollary we seýilgähleri olaryň daş-töwereklerini döwrebap derejede abadan, arassa saklamak, wasp etmek işlerinde Aşgabat şäheriniň güni hem-de 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Şygryýetiň göwher gaşy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň "Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Selim Rasulow gatnaşyp, bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy başardy we hormat haty bilen sylaglandy.