Haly-halkymyzyň gadymy hem müdimi, owal-ahyr ygrarly sungatydyr
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän, gül-açýan Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy, kalbynyň aýrylmaz bölegine deňelýän nepis halylarymyz iň ajaýyp sungat eseri hökmünde dünýä ýüzünde tanalýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde “Türkmen halysynyň baýramy” uly ruhubelentlikde dabaraly geçirilýär.
2024-nji ýylyň maý aýynyň 24-ne hem Türkmenistanyň Haly muzeýinde haly baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Halyçylyk” hünäriniň mugallymlary we bu hünärde bilim alýan talyp-ýaşlary işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlygyny görkezdiler.