“Dünýäde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şöhratlylygy” atly dördünji bölümçesi geçirildi

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 18-nji maýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatynyň “Dünýäde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şöhratlylygy”  atly dördünji bölümçesi geçirildi. Halkara maslahatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçaklynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň orunbasary Guseýnow Murad Faridowiçiň, Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Döwletleri boýunça Sebitleýin edarasynyň gender deňligi meseleleri boýunça geňeşçisi Alwarez Minte Gabriela Patrisiýanyň, Koreýa Pespublikasynyň Milli Aziýa Medeni Merkeziniň Prezidenti Li Kaň Hýonyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa we ýaş mugallymlarynyň ylmy çykyşlary diňlenildi. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm