“Art & Culture” atly halkara žurnalynda Köneürgenç ýadygärlikleri öz beýanyny tapdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni toýdur – baýramlara beslenýän ajaýyp Türkmenistan Watanymyzda dostlukly gatnaşyklar günsaýyn berkeýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilelikde alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýüzüne ýaýmakda alyp barýan syýasatlary ýylsaýyn rowaçlanýar. 

Hut şu ugurdan ylham alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň “Köneürgenç ýadygärlikleri gelen syýahatçylarda uly täsir galdyrýar” atly makalasy Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde çap edilýän “Sungat we Medeniýet” atly žurnalynda çap edildi. Makalada Türkmenistanyň orta asyrlarda özboluşly medeniýetiniň we sungatynyň beýik sepgitlere ýetip, ussatlygyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemlänligi barada hem-de Köneürgenç topragyndaky medeni ýadygärlikler toplumynyň her bir ýadygärliginiň özboluşlylygy we çeper aýratynlygy beýan edilýär. Bu makalanyň Günorta Koreýa döwletinde çap edilmegi ýerli halkynyň Türkmenistanyň medeni ýadygärlikleri bilen gyzyklanmaga, bu ýadygärlikleri içgin öwrenmäge uly ýardam berjekdigi bizi diýseň guwandyrýar. 

  

Oguljahan Muhammetmyradowa, 

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm