Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşydöwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly
Pyragynyň döredijilik dünýäsine aýratyn sarpa goýulýar. Häzirki günde beýik
şahyryň döredijiliginden ylham alýan bagşy-sazandalaryň ajaýyp aýdymlary saz
sungatynda öz ornuny tapdy. Munuň bilen
baglanyşykly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda
gurnalan talyp ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly
sungat eserleriniň arasynda mahmal owazly bagşylaryň aýdym-sazly çykyşlary
ýerine ýetirildi. Damana Ahal bagşyçylyk
ýolunyň sungaty ugrundan Guwanç Toýçyýewiň beýik şahyryň “Ýeter sen”, “Bu işi”,
“Jem bolup”, “Ýagşysyn”, Ogulgerek Durdyýewanyň dana akyldaryň goşgularyna
“Näme sen”, “Boýlaryňa” atly ýerine ýetiren liriki aýdymlary, ýaş nesillerimizi
watansöýüjilik, jebislik, agzybirlik, ruhubelentlik ýolunda terbiýelemekdäki
ähmiýetli orny diýseň uludyr.