Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri
2024-nji ýylyň aprel aýynyň 27-ne Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlaryny şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda surakeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşikde “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanow “Toýly gün” atly nakgaş eseri, “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Soltanow “At gazanan goç ýigidiň, owal bedew aty gerek” atly heýkeli, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Abraý Annaýew “Milli mirasymyz” atly at şaý-sep toplumy, şeýle hem şol kafedranyň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow “Behişdi bedewler” atly neşir önümi üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldular.