Halkara informatika olimpiadasynyň çäginde sergi gurnaldy

2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Halkara informatika olimpiadasynyň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Mundan başga-da, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilimde, sportda gazanan üstünliklerine bagyşlanan ýörite sergi gurnaldy. Şol sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem talyp ýaşlarynyň döreden nakgaş, amaly-haşam sungaty eserleriniň ajaýyp sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm