Pyragydan ylham alan

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda beýik akyldar şahyryň ilkinji portret keşbini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň hem doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär.
1947-nji ýylda Magtymgulynyň nusgawy portretini döretmek üçin uly bäsleşik yglan edilýär. Oňa halypa türkmen suratkeşleri bilen birlikde, Moskwanyň W. Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyl talyby Aýhan Hajyýew hem gatnaşýar. Ol institutdaky mugallymlary bilen maslahatlaşyp, Gerkez obasyna barýar. Magtymgulynyň obadaşlary, garyndaşlary bilen duşuşýar. Ýaş suratkeş Magtymguly türkmen halky üçin diňe bir meşhur şahyr däl, ol ähli türkmeniň ar-namysynyň, ruhubelentliginiň, akyl-paýhasynyň nusgasy hem ölçegi diýip düşünýärdi. Aýhan Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow we Mäti Kösäýew bilen duşuşyp, öz oý-pikirlerini olar bilen paýlaşypdyr. Hormatly ýazyjylar ýaş suratkeşiň yhlasyny goldap, beýik akyldar şahyryň durmuşy, döredijiligi we onuň ýaşan döwri barada gymmatly maglumatlary hem maslahatlary beripdirler.  
1947-nji ýylda Aýhan Hajyýew tarapyndan döredilen Magtymguly Pyragynyň nusgawy portret eseri bütin türkmen halkynyň ruhy buýsanjyna öwrüldi. Onuň bu eseri ähli ylmy we okuw edebiýatynyň mazmunyna girizildi. Aýhan Hajyýewiň zehininden dörän nakgaşlyk portreti şu günlere çenli türkmen hem-de daşary ýurt suratkeşlerine, heýkeltaraşlaryna beýik şahyryň akyl-paýhas dünýäsini, nurana keşbini suratlandyrmakda esasy nusga bolup hyzmat edýär.
Azat Annaýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy. 
“Türkmenistan” gazeti. 29.01.2024ý. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm