Bäsleşikde gazanylan üstünlik
2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Dünýä ykdysadyýeti” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Annagül Bagtyýarowa gatnaşyp, III orna mynasyp bolmagy başardy.