Hereketli we sanly sport-sportda innowasiýalar
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Hereketli we sanly sport-sportda innowasiýalar” atly sportuň täze fijital görnüşleri boýunça ýaryşlar we açyk gapylar hepdeligi geçirildi. Açyk gapylar hepdeliginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar.
