Orta Aziýanyň amaly-haşam sungaty barada açyk sapagy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kiçi mejlisler jaýynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň müdiri Jeren Baltaýewa “Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy” dersi boýunça “Orta Aziýanyň amaly-haşam sungaty (XI-XIX asyrlar)” atly tema boýunça açyk sapagyny geçirdi. Sapaga “Amaly-haşam sungaty” we “Şekillendiriş sungaty” fakultetleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Açyk sapagyň dowamynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň amaly-haşam sungatynyň çeperçilik aýratynlyklary barada beýan edildi. Tema bilen baglanyşykly görkezilen düşündirişli prezentasiýalar mugallymyň alyp baran sapagynyň mazmunyny baýlaşdyrdy.