Nowruz geldi ilime
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýaýlada özboluşly türkmen obasy döredilip, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan edildi. Şeýle hem, amaly-haşam sungatynyň sergisi gurnaldy. Bu dabarada Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlarynyň ussatlyk sapagy görkezildi.