Halymda Arkadag atly nagyş bar, Arkadagly Serdaryma alkyş bar
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda döredijilik sergiler yzygiderli geçirilýär. Şeýle sergileriň biri hem “Halymda Arkadag atly nagyş bar, - Arkadagly Serdaryma alkyş bar” atly sergisidir. Sergide görkezilen Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň şekilli halylarynda türkmen halkynyň geçmişi, şu güni we geljegi şöhlelelendirilýär. Ada Gutlyýewiň döredýän şekilli halylarynyň her bir nagşynda, şekilinde çuň many-mazmun bar. Ussadyň döredijiligine, onuň ýerine ýetirýän halylaryna ýönekeý bir haly eseri diýip geçmek bolmaz. Ol türkmen halyçylyk sungatyna keşpli innowasion halylaryny ornaşdyrdy. Geçirilen ajaýyp sergide “Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry”, “Ezeli kämillik”, “Ýanardagyň ýedi arkasy”, “Berkarar we Bagtyýar”, “Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy”, “Heýkeltaraş Babasary Annamyradow”, “Türkmeniň altyn güýzi” ýaly şekilli halylary tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.
Ussat suratkeş “Geçmişiň sedasy – şu günüň ýaňy” atly eserinde türkmen halkynyň geçmiş ýoluny, şu gününi we geljegini bir halyda jemlemegi başarypdyr. Ýigrimi sekiz atyň şekili çekilen ýigrimi dört gölli Pazyryk halysy biziň şöhratly taryhymyzyň ajaýyp nyşanyny aňlatsa, ak atda ak ýolly Garaşsyzlyk döwrümiziň ruhy taryp edilýär. Ak kepderi bolsa röwşen geljegimiziň nyşany hökmünde şöhlelendirilýär.
“Ezeli kämillik” atly eserinde Köneürgenç ýadygärlikleriniň hataryna girýän Törebeg hanym kümmetiniň gümmeziniň içki tarapyna çekilen nagyşlardan peýdalanypdyr. Türkmeniň ahalteke bedewiniň ähli ýerini bolsa milli nagyşlar bilen bezäpdir.
Halypanyň şägirtleri tarapyndan döredilen şekilli halylary sergide görkezilip, suratkeşiň halypa-şägirtlik ýörelgesiniň dowam edýändigini alamatlandyrýar. Sergileriň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýeti bar. Şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Serwi Esenowa
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
3-nji ýyl talyby