Bäsleşigiň ýeňijisi
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda
Milli bahar baýramyna bagyşlap Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky
döwlet komitetiniň “Türkmenistan Sport” halkara žurnalynyň hem-de
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
ýanyndaky “Arkadagly ýaşlar” atly elektron žurnalynyň bilelikdäki “Gelse nowruz
äleme, reň kylar jahan peýda” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl
talyby Maýsa Berdiýewa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň dana akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýýan
belent sarpasyna bagyşlanan şygyrlar, çeper oýlanmalar, hekaýalar diýen ugry
boýunça gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmagy başardy.