Halkara gatnaşyklarymyz ösdürilýär
2024-nji ýylyň mart aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýanyň dizaýn we binagärlik ugrunda işleýän Andrea Kaputony we Italýan wekillerini hormat bilen garşy almak dabarasy boldy. Akademiýanyň ylmy işleri boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow Andrea Kaputony we Italýan wekillerini sungat ojagynda berilýän bilimiň hili barada gürrüň berdi. Soňra hormatly myhmanlary ýokary okuw mekdebiniň Altyn gaznasynyň gymmatlyklary şeýle-de akademiýanyň zallarynyň ugrunda goýlan zehinli talyplarymyzyň ýerine ýetiren uly göwrümli naýbaşy diplom eserleri bilen içgin tanyşdyryldy.
Ýokary okuw mekdebiniň kiçi mejlisler jaýynda binagärlik, dizaýn we sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Andrea Kaputonyň “Gymmatlyklary döretmek – deňlik, innowasiýa we durnuklylyk” atly okuw sapagy geçirildi. Binagärlik we dizaýn ugrunyň döwrebap usullary, olary arhitekturada ornaşdyrmak we innowasiýalary ulanmagyň ýollary barada giňişleýin gürrüň berdi. Andrea Kaputo türkmen halkynyň milli binagärliginiň özboluşlylygy, şäher-gurluşygynda dizaýnyň orny we häzirki zaman döwrebap gurluşyk serişdeleri barada belläp geçdi. Şeýle-de ol özüniň häzirki wagta çenli toplan tejribesinde binagärlik taslamalarynyň döreýşi barada hem-de italýan binagärliginiň çeperçilik aýratynlyklaryny gürrüň berdi we binagärlik taslamalarynyň nusgasyny prezentasiýa arkaly görkezdi. Andre Kaputonyň “Gymmatlyklary döretmek – deňlik, innowasiýa we durnuklylyk” atly okuw sapagy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynda we talyp ýaşlarynda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy
işgäri Bilbil Çaryýewa