Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bäsleşik

2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji mart Halkara zenanlar baýramy mynasybetli çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşikde hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň mugallymlary Azat Alihanow we Şirin Rejepowa emin agzasy hökmünde gatnaşdylar. Şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň ajaýyp sergisi gurnaldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm