Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýulan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.