“Gözel bardyr, gözellerden zyýada” atly söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji “Pahim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 19-njy fewralynda “Gözel bardyr, gözellerden zyýada” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýolunda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar” ady bilen zenanlaryň okuw maslahaty barada beýan edildi. Şeýle-de talyp gelin-gyzlarda agraslygy, edepliligi, maşgala mukaddesligine bolan söýgüni oýarmakda wagyz-nesihat işleriniň ähmiýetli orny eýeleýändigi we özüniň gowy netijesini berýändigi nygtaldy. Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsinde zenan mertebesine berilýän orun we türkmen şekillendiriş sungatynda zenan suratkeşleriň we talyp gelin-gyzlaryň döredýän sungat eserleri barada buýsançly gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Akdagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen zenanlarymyzyň döredijilikli zähmetine goýýan hormaty bu söhbetdeşlige aýratyn ähmiýet berdi.