Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiz 2024-nji ýyly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan etdi. Şonuň üçin şu ýyl türkmen halkynyň milli şahyry, söz ussady, parasatly akyldary, pelsepeçi, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy beýik Magtymgulynyň 300 ýyllyk senesi ýurdumyzda we doganlyk ýurtlarda uly dabara bilen bellenip geçilýär. Şu ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” atly kitap sergisi geçirildi. Bu sergide beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli köpsanly kitaplar ýerleşdirildi. Sergä akademiýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary we myhmanlar gatnaşdylar. Sergide şahyryň ömri we döredijiligi barada gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Bu kitap sergisi we çykyşlar ýaşlarda Magtymgulynyň döredijiligine söýgi döretmekde, olary şahyryň döredijiliginiň üsti bilen watansöýüjilik, ruhubelentlik, agzybirlik, jebislik ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.