“Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi” atly okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Galkynyş jaýynda mirasy öwrenijileriň gatnaşmagynda “Milli mirasy öwrenmekde halypa-şägirtlik mekdebi” atly okuw maslahaty geçirildi.  Bu maslahata Bu maslahatda milli mirasymyz bolan halyçylyk sungaty, milli oýunlar, türkmeniň milli zähmet gurallary, keçe sungaty, milli lybaslar barada gyzykly gürrüňler aýdyldy. Maslahatyň çäginde mirasy öwrenijileriň arasynda “Asyrlara ýörelge-nesillere görelde” atly bäsleşik yglan edildi. Şeýle hem, okuw maslahaty boýunça sorag-jogap alyşmak maslahaty has-da gyzyklandyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm