Hormatly Gahryman Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ýylyň ýanwar aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Hormatly Gahryman Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa we gujurly zähmet çekýän ýaş mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen ýylda türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň özboluşly beýanydygyny nygtadylar. Aýratynam bu gymmatly gollanmanyň ilki bilen ýaşlarymyza şeýle-de ähli watandaşlarymyza “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna ajaýyp sowgat bolandygyny buýsançly bellediler. Täze kitabyň 2023-nji ýylda ýurdumyzda, halkymyzyň durmuşynda, şol sanda Arkadag şäherinde bolup geçen taryhy wakalary baý many-mazmun we bezeg aýratynlyklary bilen şöhlelendirýändigi, onuň watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýetiniň ýokarydygyny nygtadylar.
Gahryman Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ilkinji sahypalarynda “– Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen jümleleriniň gymmaty dogrusynda buýsançly beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň çeper durmuşyndan söz açýan sergilerimiziň, eser döredip duran talyp ýaşlarymyzyň fotosuratlarynyň goýulmagy biziň ýaşlarymyzyň döredýän eserlerine aýratyn uly baha berilmeginiň has-da begendirijidigini yzygiderli bellediler.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynyň “Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar” atly bölüminde: “Sungaty ykbal edinen ýaşlarymyz dürli ugurlarda ylham baýlygyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklerine goşant goşmaklyga bagyşlaýarlar. Olaryň döredijilikli zähmetini synlanyňda, türkmen edebiýatyna, medeniýetine we sungatyna uly geljegiň garaşýandygyna bolan ynamyň goşalanýar” diýip belleýär.
Bu ajaýyp eserde türkmen ýaşlaryna bildirilýän beýik ynam bilen birlikde olaryň Watan öňündäki belent borjuna, röwşen geljek ugrundaky ýokary jogapkärçiligine, ötüp geçen ata-babalarymyzyň ruhlaryny şat etjek milli mukaddesliklerimize ygrarlylygy milli aýratynlygymyz hökmünde örboýuna galýar. Hut şonuň üçin bu gyzyldan gymmatly eser elimize gowşan gününden bäri bizi beýik işlere, täze üstünliklere we şanly ýeňişlere ruhlandyrýar diýlip çykyşlarda beýan edildi.
Hormatly Gahryman Prezidentimiziň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde sungat ojagynyň sergiler jaýynda “Ýaşlarymyzyň döredijilik üstünlikleri” atly talyplaryň şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bilen dowam etdi. Ýokary okuw mekdebinde gujurly zähmet çekýän ýaş mugallymlarymyzyň gatnaşmagynda bu döredijilik serginiň many-mazmunyny talyp ýaşlara ýetirdiler.
Ýaş nesillere döwrebap derejede okamaga, öwrenmäge we kämil bilim almaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.