Baýramçylyk gepleşigi geçirildi
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň dekabr aýynyň 19-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Miras” teleýaýlymynyň baýramçylyk gepleşigi geçirildi hem-de sungat eserleriniň sergisi gurnaldy.
Gepleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Mähri Hojaýewa gatnaşdy. Gepleşigiň çäginde görkezilen sergide talyp ýaşlaryň türkmen amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerine bagyşlanyp döredilen eserler, ýagny zenan şaý-sepleri, milli nagyşlar bilen bezelen külalçylyk we haly önümleri görkezildi.