Gujurly ýaşlary-2023

2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň Gujurly ýaşlary-2023” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly uçurymlaryň we talyplaryň arasynda döredijilik işleriniň bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu bäsleşige sungat ojagynyň zehinli talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty we sungaty öwreniş ugurlaryna bagyşlanyp döredilen birnäçe ajaýyp eserler halk köpçüligine ýetirildi. 
Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan ýaş suratkeşler, halypa mugallymlar we zehinli talyp ýaşlar milli däp-dessurlarymyzy, tebigatymyzyň gözelligini şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň keşbini wasp edýän döredijilikli işleri bilen bu bäsleşikde öz gujur-gaýratlaryny açyp görkezdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm