BALKAN WELAÝATYNYŇ ZEHINLI SURATKEŞLERI

Jemgyýetiň ruhy dünýäsinde ylym, bilim, din, ahlak bilen bir hatarda, sungatyň hem uly orny bardyr. Ol adamlaryň etiki, estetiki dünýägaraýşyny kemala getirmekde ähmiýetli wezipeleri ýerine ýetirýär. Ýakyn günlerde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde Balkan welaýatynyň zehinli ýaş we halypa suratkeşleriniň jemlenişmeginde ajaýyp, döredijilik eserlerini sergilediler. Olar Çopanow Röwşen, Hojaýew Annadurdy, Tekäýew Gurbandurdy, Annamanowa Ajap, Bäşimow Rahat, Amansähedowa Hatyja, Atdaýew Atda, Gurbannurow Bezirgen, Seýitjanowa Göwher, Ýegenmämmedowa Sähragül, Gurbansähedowa Gülüstan, Kakabaýewa Göwher şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça nakgaşlyk, külalçylyk, gobelen, heýkeltaraşlyk ýaly döredijilik eserlerinde tebigaty, obadyr şäher durmuşyny, natýurmort hem-de portret we başga-da, dürli žanrlarda tematiki eserlere ýüzlenipdirler. Suratkeşleriň ajaýyp peýzaž eserleri bize göräýmäge öňden tanyş ýaly, durmuşda göze ilýän tebigat görnüşleri şekillendirilen ýaly. Emma siňe seretdigiňçe suratkeşleriň örän inçe, şahyrana duýgulary özüne çekýär. Balkan welaýatynyň daglaryny kendiriň ýüzüne dürli reňkli boýaglaryň üsti bilen has hem täsirli ýazypdyrlar. Onuň belentli-pesli örküçleriniň, onuň etegindäki agras ýatan meýdanynyň görnüşi, çeşmeler hyýaly duýgulary oýarýar. Ussat suratkeşler toplan tejribelerini kendire jemläp, ýurdumyzyň gözel tebigatynyň naz-nygmatyny natýurmort eserlerinde şöhlendiripdirler. Ýa bolmasa natýurmort žanrynda gülleriň açylmagy ýagty geljegiň nyşany hökmünde birnäçe şekilli taslamalary ýiti reňkler bilen gobelen we nakgaş eserlerinde şekillendirilipdir. Kullalçylyk eserlerinde tebigat dünýäsinden alynan guşlaryň, bagy-bossanlygyň, miwelerden kädileriň, narlaryň we beýleki bakja önümleriniň mysalynda Balkan welaýatynyň waspyny, taryha siňen nagyşlaryň üsti bilen islendik döredijilik eserlerine siňdirip ýerine ýetirmegi başarypdyrlar. Goý suratkeşleriň galamlary ýiti bolsun, döredijilik äleminde üstünlikler ýar bolsun.  
Bahar Magtymowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm