TÜRKMEN MEDENIÝETINIŇ WASPÇYLARY

Golaýda 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 23-25 aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde  Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi. Gadymy Yspyhanda geçirilen bu çärede Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymlary Hezretgeldi Annageldiýew bilen Arslan Bäbekow döredijilik iş saparynda bolup, özleriniň döredijilik işleri bilen gatnaşdylar. Yspyhan şäheriniň Hozeh Honari köşgünde geçirilen sergide amaly-haşam sungatynyň görnüşleri bolan zergärçilik, keramika we haly önümleri sergilenip görkezildi. Amaly-haşam sungatynyň köp görnüşli eserlerinde täze usullaryň aýratynlyklary we döwrümiziň ösüşlerini açyp görkezýän üstünlikler jemlenýär. Bu eserler dabaraly serginiň üstüni has-da baýlaşdyrdy we oňa tomaşa edenlerde uly täsirleri galdyrdy. 
Sergä gatnaşan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “keramika” bölüminiň mugallymy Hezretgeldi Annaýewiň işleri özüniň täzeçillik taraplary bilen has tapawutlandy. Sergide bu ýaş suratkeşiň döredijilik işleri bilen bilelikde onuň talyplarynyň ýagny, şägirtleriniň işleri hem sergilenip görkezildi. Hezretgeldi Annageldiýewiň “Narlar”, “Milli nagyşly küýzeler”, gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýän Garagum çölüni, behişdi bedewlerimizi, gözel şäherimizi wasp edýän dürli görnüşdäki taslama bezegli keramika işleri häzirki zaman tehnologik häsiýetlidir.  Hezretgeldi mugallym bilen söhbetdeş bolanymyzda ol: “Meniň we meniň şägirtlerimiň ýasan önümleri galyplara guýmak hem-de binagärçilige mahsus bolan örme usulunda ýerine ýetirilen önümler bolup, eýranly senetkärlerde uly gyzyklanma döretdi. Men hem eýranly küýzegär suratkeşleriň ýerine ýetiren işleriniň özboluşly çeper aýratynlygynyň bardygyna göz ýetirdim. Olaryň önümleriniň işleniş usullary, syrçalarynyň hem-de palçyklarynyň häsiýetleriniň tapawutly taraplarynyň özboluşlydygyna has-da ýalpyldawuk bolup çeper bezeglidine üns berdim. Taslama şekil bezeglerinde bolsa, miniatýura äheňlerindäki suratlarynyň çekilýändigi hem-de olaryň küýze çarhynda ýasalýandygy aýratyn ünsümi çekdi. Geljekde şol usullar bilen hem özümi synamak isleýärin” diýýär. Milli Liderimiz gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen sungatynyň öşüşleri we halypa şägirtlik ýoly dowam etdirilip gelinýär. Bu ugurda gazanylýan üstünlikler milli sungatymyzy dünýä aýan edip, döredijilik dünýäsini täze üstünliklere beslär!   

  Göwher Saparmyradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
 “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm