“Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi” açyk sapak

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa we “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Altyn Çaryýewa şeýle hem, mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi” ady bilen açyk sapagy geçirildi. Bu çykyşlarda dünýä medeniýetinde gadymy siwilizasiýalaryň biri bolan Marguş döwletiniň taryhy barada gyzykly maglumatlar gürrüň berildi. Marguş ýurdunyň taryhy tapyndylary, binagärlik ýadygärlikleri we olaryň çeper aýratynlyklary hakda prezentasiýa arkaly görkezildi.  “Beýik medeniýetiň syrlar dünýäsi we onuň hakyky keşbi” atly temasynda edilen çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm