“40 ädim” atly serginiň maslahaty geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çeperçilik sungatyny ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler nepis sungat eserleriniň döremegine itergi berýär. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymy Amanmyrat Modyýew ýaňy-ýakynda özüniň “40 ädim” atly şahsy sergisini açdy.
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda halypa we ýaş mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bu ajaýyp serginiň jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Sungaty öwreniş” ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň eden öwüt - ündewleri, maslahatlary mugallymlarda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowanyň we uly mugallym Azat Annaýewiň çykyşlary dabarany has-da gyzyklandyrdy. Mundan başga-da “Nakgaşlyk” kafedrasynyň uly mugallymlary Polat Garryýewiň, Aşyrmuhammet Kulyýewiň gatnaşmagynda suratkeş Amanmyrat Modyýewiň döreden täsin eserleri barada gyzykly gürrüňler aýdyldy. Bu maslahata sungat ojagynyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar we olar Amanmyrat Modyýew bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda halypa mugallymlar hem-de talyp ýaşlar Amanmyrat Modyýewe sungat ýolunda has-da öňegidişlikleri gazanmagy arzuw etdiler.