Döwlet muzeýine syýahat edildi

2023-nji “Arkadag Serdarly - bagtyýar ýaşlar” ýylynyň noýabr aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde syýahatda boldular.Talyplar Döwlet muzeýiniň milli gymmatlyklary hem-de taryhy tapyndylary bilen içgin tanyşdylar. Halypa mugallymlarymyz gymmatly tapyndylaryň üsti bilen geçmiş taryhymyz barada ylmy maglumatlary talyp ýaşlarymyza ýetirdiler. Şeýle-de muzeýiň zallarynda sergilenen ussat suratkeşleriň nakgaş eserleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Türkmen şekillendiriş sungatyna saldamly goşant goşan Türkmenistanyň halk suratkeşi A. Hajyýewiň, N. Terpsihorowyň, K. Wýalowyň, I. Çerinkonyň ýerine ýetiren işleri häzirki günde hem öz gymmatyny ýitirmän nesil terbiýesi üçin gymmatly eser hökmünde öz beýanyny tapýandygy barada halypa mugallymlar giňişleýin gürrüň berdiler. Döwlet muzeýine gurnalan syýahat talyp ýaşlarymyzyň hünär kämilligini ýokarlandyrmaga esas boljakdygy şübhesizdir.


Bilbil Çaryýewa,  
                                                                Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
                                                                 akademiýasynyň uly ylmy işgäri 

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm