Amanmyrat Modyýewiň “40 ädim” atly şahsy sergisine bagyşlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň “Dizaýn” kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýewiň “40 ädim” atly şahsy sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.  

  Ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini ýöredýän Amanmyrat Modyýew ýaş nesle nakgaşçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwredýär. A.Modyýewiň sergisinde biri-birinden tapawutly, modernistik akymlaryna mahsus çözgütlerde ýerine ýetirilen peýzaž, natýurmort we abstrakt häsiýetli eserlerini synlamak bolar. Suratkeş döredijilik ýolunda ynamly ädimläp, üstünliklerden üstünlige, ýeňişlerden-ýeňşe barýar. Ol döwlet derejesinde geçirilýän sergiler, bäsleşikler bilen birlikde daşary ýurtlarda Halkara derejesinde geçirilýän sergilerde hem öz döredijilik üstünliklerini aýdyň ýüze çykarýar. 

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli şekillendiriş sungatymyzy ösdürmeklige, ony dünýä tanatmaklyga goşant goşýan suratkeş Amanmyrat Modyýewiň gelejekde sungat äleminde uly döredijilik üstünliklere eýe bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!


Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm