Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň we Lebap welaýat şahamçasynyň toparlaýyn sergisi
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Lebap welaýat suratkeşleriniň toparlaýyn sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň döredijilik eserleri tomaşaçylara ýetirildi. Aýratynam sungat ojagynyň ussat uçurumlary Rustam Abdullaýew, Ahmet Hallyýew, Şemşat Mämmedowa, Dilaram Hojainowa, Gyzylgül Hudaýberdiýewa, Gülara Babaýewa, Hijran Gulamowa, Jeýran Umarowa, Aýlar Hudaýberdiýewa, Merdan Abdyrahmanow dagylaryň nakgaşlyk, grafika, heýkel we amaly-haşam sungat eserleri döredijilik sergini has-da täsirlendirdi.
Şeýle-de toparlaýyn serginiň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň başlygy Rustam Abdullaýewiň şahsy döredijilik sergisi hem açyldy. Bu sergide suratkeş Rustam Abdullaýewiň 110-dan gowrak nakgaşlyk eserleri görkezildi.