Amanmyrat Modyýew “40 ädim” atly şahsy sergisi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 10-na häzirki wagta çenli döredýän döwrebap eserleri bilen giňden tanalýan zehinli suratkeşleriň biri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we  dizaýn” fakultetiniň “Dizaýn” kafedrasynyň ussat mugallymy, Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi Amanmyrat Modyýewiň “40 ädim” atly şahsy ýubileý sergisi açylýar. 
Sergide suratkeşiň döredijiligine mahsus haşamlylygy, döwrebap çeperçilik äheňleri özünde jemleýän natýurmortlary, gözel tebigatymyzy şahyrana wasp edýän peýzažlar, ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden gymmatlyklary, tematiki sahnalary şöhlelendirýän täze eserlerini synlap bilersiniz!

Sergimize Hoş geldiňiz!

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm