“Ýurt abadan – il bagtyýar” şygary bilen döredijilik sergisi geçirildi

2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdeplerinde we Çagalar sungat mekdepleriniň Çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk, galam bilen surat çekmek hem-de heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça «Ýurt abadan – il bagtyýar» şygary bilen döredijilik eserleriniň bäsleşigi geçirildi. 
 Döredijilik bäsleşikde üstünlikli çykyş eden ýaş suratkeşler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan diplomlar we baýraklar gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm