“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly talyplaryň döredijilik sergisi açyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda türkmen şekillendiriş sungatynyň ýaş zehinli ýaşlary biziň şanly ösüşlerimize özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.
2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşlyk” we “Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly sergisi açylyş dabarasy boldy. Bu sergide zehinli talyp-ýaşlaryň ussat şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden täze ajaýyp eserlerini synlamak bolýar. Bu eserlerde dürli şahyryň özboluşly keşpleri ýaşlar tarapyndan täsirli döredilipdir. Şeýle-de, bu sergi bilen baglanyşdyryp, tegelek stol, döredijilik duşuşyklary, ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi milli şekillendiriş sungatyndaky keşpleri dogrusynda ylmy çykyşlar bilen birlikde okuw sapaklaryny hem gurnadylar.
Serwi Esenowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
3-nji ýyl talyby