“Kitabyň dizaýny” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Galkynyş zalynda ýokary okuw mekdebimiziň uçurymy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň “Kitabyň dizaýny” atly okuw kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary, dizaýn, grafika we sungaty öwreniş kafedrasynyň talyplary gatnaşdylar. 
Kitap sungaty kitaby maddy gymmatlyga öwürmekde iň wajyp ugur bolup durýar. “Dizaýn” adalgasy kitaby çeper bezemegi aňladýar. Kitabyň many-mazmunyny doly açyp görkezmek üçin sazlaşykly, özboluşly, owadan, ynamly kitap dizaýny örän möhümdir. Dizaýnyň maksadalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin estetikanyň, sungatyň kada-kanunlaryny, kiktap toplumynyň, neşiriň usullaryny, tärlerini bilmek zerurdyr. Bu okuw kitabynda kitap dizaýnyň esaslary hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýär – diýip kitabyň awtory belläp geçýär.
Bu okuw kitabynda “Grafika”, “Sahypalama”, “Çeper taslama”, “Alynsahypa”, “Ölçeg”, “Kitabyň gurluşy” atly bölümlerden durýar. Bu bölümlerde taryhy döreýiş döwürlerinden başlap, ösüş ýoly barada anyk maglumatlar arkaly düşündirilýär. 
Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman kitap bezeg işleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Dizaýn”, “Kitap grafikasy”, “Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti” hünärinde bilim alýan talyp ýaşlara öwredilýär. Ýaş dizaýnerler dürli okuw kitaplary, suratkeşleriň döredijiligine bagyşlanan kitaplary, kataloglary we albomlary, bukletler we afişalar talyplar tarapyndan Corel Draw, Photoshop, In Design grafiki kompýuter programmalarynda ýokary derejede ýerine ýetirilmegi öz alýan bilimlerini kämilleşdirýändigini alamatlandyrýar.
Kitap dizaýny boýunça bu okuw kitaby geljekki dizaýnerlere kitabyň döredilişi barada çuňňur bilim berip, olaryň bu işiň inçe tilsimlerini ele almaklaryna, geljekde ajaýyp kitaplary döretmekliklerine ýardam berer diýip ynanýarys. 

Döwrangeldi Moýtyýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýaynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy,
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm